OpenAI 12 günlük anonslar marafonynyň çäklerinde täze mümkinçiligi hödürledi – kompaniýa ChatGPT bilen telefon arkaly gürleşmegi teklip edýär. Emeli aňa jaňlar ABŞ-daky ulanyjylar üçin elýeterlidir, gürrüňdeşligiň wagty bolsa 15 minut bilen çäklenýär diýip, Digital Trends habar berýär. Kompaniýa emeli aň üçin 1-800-ChatGPT telefon belgisini işe girizýär. “OpenAI-iň maksady – emeli umumy aňy tutuş adamzat üçin peýdaly etmek we ony mümkin boldugyndan has köp adamlar üçin elýeterli etmek munuň bir bölegidir. Şu gün biz indiki ädimi ädip, ChatGPT-ni siziň telefonyňyza goşýarys” – diýip, OpenAI-iň önüm boýunça baş müdiri Kewin Weýl aýdýar. Jaň etmek üçin OpenAI-iň akkaunty gerek däl, funksiýanyň işleýşi bolsa ykjam gurluşlardaky Advanced Voice Mode (AVM) bilen deňdir. Ulanyjylar sorag berip, sözleri terjime edip, hatda degişme aýdyp bermegi sorap biler. Görkezilişiň dowamynda çat-bot birnäçe soraga takyk jogap berdi: ondan Kaliforniýanyň Hilsboro şäherindäki 280-nji ýoluň ugrunda ýerleşýän binagärlik ýadygärligi barada soraldy – çat-bot gürrüňiň “Flinstounlaryň öýi” baradadygyna düşündi. Ýatlap geçsek, OpenAI öz çat-botunyň elýeterliligini yzygiderli giňeldýär. Ilkibaşda ony diňe web-saýt arkaly ulanmak bolýardy, indi bolsa ChatGPT Apple we Windows üçin stol programmasy hökmünde, şeýle-de iOS we Android gurluşlarynda elýeterlidir. “12 gün OpenAI” aksiýasynyň dowamynda kompaniýa köp sanly täze modelleri, önümleri we funksiýalary, şol sanda o1 modelini, Sora wideo döredijisini, aýda $200 bahaly Pro nyrhnamasyny we işläp düzüjiler üçin täze gurallary hödürledi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir