Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen kararnamalar we resminamalar Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň resmi namasy hökmünde BMG-niň alty dilinde neşir edilip ýaýradyldy. Bu barada Orient BMG-niň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyna salgylanyp, habar berýär. Resminamalaryň arasynda aşakdakylar bar: “Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy” atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň gün tertibiniň ady bir 64 belgili kararnamasy (resminama 79/5); Gün tertibiniň 16 e), 18, 18a), 18 d), 26, 64 we 71 d) belgileri boýunça Durnukly ulag dostlaryň toparynyň ýokary derejeli duşuşyklarynyň jemleýji jarnamasy (resminama A/79/636); Gün tertibindäki 16, 18i we 64 belgileri boýunça “Energetika özara baglanyşygyň gowulandyrylmagy: hyzmatdaşlyga ýardam etmek we durnukly ösüşi gazanmak” atly Halkara bilermenler mejlisiniň jemleýji hasabaty (resminama) A/79/594.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir