Gadymy rim syýasatçysy we harby serkerdesi Mark Ýuniý Brut tarapyndan b.e. öňki I asyrda zikgelenen altyn şaýy Şweýsariýadaky "Numismatica Genevensis SA" auksionynda 1,98 million ýewro satyldy. Bu imperator Gaý Ýuliý Sezaryň janyna kast edenleriň birini şekillendirýän we biziň günümize çenli saklanyp galan 17 aureusyň biridir diýip, “Live Science” ýazýar. Brutyň ady Sezara garşy dildüwşige gatnaşandygy sebäpli dönükligiň nyşanyna öwrüldi. Rimde b.e. öňki III asyrda ulanyşa girizilen gadymy altyn teňňeler - aureuslar Brut tarapyndan özüni we harby ýeňişlerini şöhratlandyrmak üçin zikgelenipdir. Şaýy pul onuň maksatlaryny görkezýär: ýüzünde BRVTVS IMP (ikinji söz "imperator" sözüniň gysgaldylany) ýazgyly zeýtun ýapragy bilen gurşalan Brutyň şekilini görkezýär. Taryhçylar bu tekstiň b.e. öňki 43-nji ýylda frakiýalylardan üstün çykan döwrüne degişlidigini çaklaýarlar. Şondan soň Rim täze sebitlere gözegçilik edip başlady. Şaýy puluň arka tarapynda Sezaryň ganhorlaryndan başga-da, biri Casca Longusyň (Publiý Serwiliý Kaska Long) ady agzalýar. Şeýle-de onda suratlandyrylýan harby lybaslaryň toplumy (döşlük, başgap, galkan, naýza) harby üstünlikleri alamatlandyrýar. Mundan başga-da, şaýyň aşaky böleginde iki gäminiň burunlary şekillendirilip, ol b.e. öňki 42-nji ýylda Brut bilen Kassiýniň deňiz ýeňişleri hakda gürrüň berýär. Şeýle-de bolsa, Aureusda ölmez-ýitmez söweşleriň ahyrsoňy syýasatçynyň doly şowsuzlygyna we ölümine sebäp bolandygyny bellemelidiris. Brutyň we Sezaryň ýaranlary bilen dildüwşük edenleriň netijesinde ýüze çykan raýatlyk urşy b.e. öň 43-nji ýyldan 42-nji ýyla çenli dowam edipdir. Ol Filiplerdäki söweş bilen hem tamamlandy. Söweşde Brut ýeňildi we öldürildi. Auksion öýüniň başlygy Frenk Baldaççiniň sözlerine görä, teňňe bu wakalaryň öňüsyrasynda Brut we onuň goşunlary bilen göçme zikgehanada çykarylan bolmaly. Hünärmenleriň pikiriçe, onuň bahasy esgeriň bir aýa barabar aýlygyna deňdi. Brut esgerlere günde bir kümüş dinar töleýärdi, 25 dinar bolsa 1 aureuse deňleşýärdi diýip, vokrugsveta.ru ýazýar. “Aureus-yň" auksionda başlangyç bahasy 799 müň funt sterlingdi, ýöne 1,98 million ýewro bahada "satyldy" diýen çekiç sesi bilen onuň söwdasy tamamlandy. Aureus italýan syýasatçysy Juzeppe Madziniň ýygyndysyna degişlidir. Sekiz gatnaşyjydan ýeňiji bolan bu lotyň täze eýesiniň ady aýan edilmedi diýip, livescience.com ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir