Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär. Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, asylly işinde üstünlikleri, Kataryň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik, rowaçlyk arzuw etdi. 1878-nji ýylyň 18-nji dekabry Katarda döwletiň esaslandyrylan güni hasaplanylýar. Her ýyl bu senede bitewilik we garaşsyzlyk baýram edilýär. Bu sene 2007-nji ýylyň 21-nji iýunynda Kataryň Emiriniň we onuň Mirasdüşeriniň jarnamasy bilen baýramçylyk hökmünde yglan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir