2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Audi-niň Brýusseldäki zawody işlemegini bes eder. Bu ýerde diňe bir model – elekrik Audi Q8 öndürilýärdi diýip, Motor1 habar berýär. 2024-nji ýylda diňe 23 900 awtomobil ýygnaldy. Kompaniýa 2025-nji ýylda bary-ýogy 6 müň birlik çykarmagy meýilleşdirýär. Modeliň önümçiligi Meksika geçiriler. Kompaniýa zawodyň ýapylmagyny uly we gymmat elektrokarlara bolan islegiň pese gaçmagy bilen düşündirdi. Audi-niň wekilleriniň aýtmagyna görä, Ýewropadaky kärhanalar şeýle awtomobiller üçin diýseň çykdajyly bolup galýar. Zawodyň ýapylmagy üç müň işgäre täsir eder. Audi olara zähmet tejribesine we wezipesine baglylykda möçberi kesgitlenjek kompensasion bukjany teklip etdi: mukdar 190 müň ýewro ýetýär. Audi-niň önümçilik ýolbaşçysy Gerd Uoker bu çözgüdi karýerasynda iň kyn çözgütleriň biri hökmünde belledi. Kompaniýa zawody saklamak üçin maýadarlary tapmaga synanyşdy, ýöne 26 dalaşgäriň hiç biri uzak möhletleýin iş meýilnamasyny teklip etmedi.