16-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda, himiýa senagatynda iş alyp barmakda oňyn tejribe toplady. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada indiki ýyl «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de serginiň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzda ýörite guramaçylyk toparynyň döredilendigini we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny belläp, serginiň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir