16-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, köp ýyllardan bäri “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Сase New Holland”, “Nicklaus Companies”, “Westport Trading Europe Limited” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli hereket edýän “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan saldamly goşandyna aýratyn ünsi çekdi. Söhbetdeşligiň dowamynda nebitgaz pudagy, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.