London Sitisiniň administrasiýasy 309,6 metrlik 1 Undershaft ofis diňiniň gurluşygyny tassyklady. Desga 2012-nji ýyldan bäri Beýik Britaniýanyň iň beýik binasy bolan The Shard bilen deňleşer diýip, Financial Times habar berýär. Öň, diňiň gurluşygy geljekki goňşularda, şol sanda Lloyd’s of London ätiýaçlandyryş bazarynyň ýolbaşçysy Brýus Karnegi-Braunda garşylyk döretdi. Olar diňiň möhüm jemgyýetçilik ýeri bolan Sent-Helens-skweriň meýdanyny azaltjakdygyny bellediler. Netijede Stanhope deweloperi we Aroland kompaniýasy taslamany üýtgedip, diňiň binýadynyň meýdanyny saklamak üçin birinji gatyň ölçegini kiçeltdiler. Diňiň taslamasynda 11-nji gatda ýaşyl zolak, syn ediş meýdançasy we çagalar üçin bilim merkezi göz öňünde tutulandyr. Soňkusy London Muzeýi bilen hyzmatdaşlykda guralar. Taslamany 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Maýadar hökmünde Aroland Holdings kompaniýasy çykyş edýär, bu kompaniýanyň esasy paýyna bolsa dünýäde iň uly palma plantasiýalarynyň eýeleriniň biri bolan Wilmar International azyk önümlerini öndürmek boýunça toparyň ýerine ýetiriji müdiri, singapurly millarder Kuok Khun Gong gözegçilik edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir