Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) 2026-njy ýylyň Formula-1 ýaryş awtoulaglarynyň renderlerini ýolda görkezdi. Bu barada “Çempionat” portaly habar berdi. 2026-njy ýylda Formula 1-de ýaryş awtoulaglaryň göwrümini we agramyny üýtgetjek täze tehniki düzgüniň güýje girjekdigini ýatladýarys. Awtoulaglar öňküden gysgalar we inçeler, häzirki modeller bilen deňeşdirilende, agramy 30 kg kemeler. Mundan başga-da, işjeň aerodinamika giriziler, elektrik hereketlendirijini täze elde dolandyryş režimi bolsa ozup geçmek mümkinçiliklerini giňelder. Ozal FIA-nyň prezidenti Mohammed ben Sulaýem Formula 1-iň tapgyrlarynda hemişelik dolandyryjylar toparyny döretmegiň zerurdygy barada-da durup geçipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir