12-nji dekabrda Huawei kompaniýasy Dubaýda uly çäre geçirdi we birnäçe täze önümini yglan etdi. Ilkinji gezek görkezilen önümleriň içinde esasysy - innowasiýa mümkinçilikleri bolan çeýe, eplenýän Mate X6 smartfonynyň global wersiýasy. Ol 120 Hz ýygylygy bolan LTPO AMOLED ekranly we güýçli Kirin 9020 prosessorlydyr. Huawei has akgynly we berk Water Drop şärnirini gowulandyrdy. Smartfon IPX8 standartyna laýyklykda suwdan goralýar we 2 metr çuňluga çümdürilse-de hiç zat bolmaz. Ol 5200 mAh akkumulýator bilen enjamlaşdyrylan, 66 wattlyk simli we 50 wattlyk simsiz zarýad bermek üçin goldawy bar. Smartfonyň kamerasy 1,5 million spektral kanallary goldaýan iň täze ultra-realistik obýektiwi, 10 basgançakly, sazlanýan 50 megapikselli obýektiw, 40 megapiksel ultra giň burçly obýektiw we makro düşüriş funksiýaly 48 megapikselli telefon obýektiwini öz içine alýar. Bu eplenýän smartfonlarda surata düşürilişini täze derejä çykarýar. Smartfonyň kamera modulynyň ýyldyz halkasy planetalaryň orbitalaryndan ylham alýar we geljegiň tükeniksiz mümkinçiliklerini alamatlandyrýar. Onuň goňur-çal reňkdäki çözgüdi ellände ýakymly we innowasion süýümli aýna materialyny ulanyp, mikro we nano derejede 3D çap etmek arkaly öndürilen, älem ýyldyzlar toplumyndan ylhamlanan teksturany görkezýär. Mate X6-nyň gyzyl we gara reňkleri hem gökezildi. Eplenýän smartfonyň irki satuwy 13-nji dekabrda başlandy. Ilkinji müşderilere ýörite teklipler hödürlenýär, ýagny, döwlen ýagdaýynda (jemi 12 aý) ýene 6 aýlap ekrany mugt çalyşdyryp bilýärler. Bu adatça berilýän 18 aýlyk kepillige goşmaçadyr. Soňra, 10-njy ýanwarda deslapky sargytlar kabul edilip başlanar we 23-nji ýanwardan başlap bolsa, smartfon satuwa çykar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir