Consumer Reports žurnalynyň geçiren barlagynda dünýäniň iň ygtybarly awtoulag brendleri görkezilýär. Örän seýrek ýagdaýda näsazlyk tapýandygy we hereketlendirijisiniň durnukly işleýändigi sebäpli Subaru, Lexus we Toyota sanawda öňdebaryjy boldular. 68 utuk toplan we benzinli awtoulaglaryň arasynda ýokary durnuklylygy görkezen Subaru birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýerde özüni ygtybarly gibrid tehnologiýasy hökmünde subut eden Lexus (65 bal) durýar. Toyota 62 utuk bilen ilkinji üçlügi soňlaýar. Brend sedanlardan ulaglara çenli dürli segmentlerde durnukly netijeleri görkezýär. Elektrikli awtoulag segmentine täze giren Rivian mümkin bolan 100 baldan bary-ýogy 14 bal toplap, iň ygtybarsyz brendleriň birine öwrüldi. Cadillac bilen GMC-iň görkezijileri hem pes boldy. Şeýle hem barlagyň netijeleri elektrik ulaglarynyň we bazara ýaňy çykan täze modelleriň döwülmek howpunyň has ýokarydygyny görkezdi. Öndürijiler, köplenç, täze önümlerini yzyna çagyrmaly we käbir tehniki ýalňyşlyklary düzetmeli bolýarlar. Şeýle-de, hünärmenler benzin hereketlendirijili awtoulaglaryň, gibridler we elektrik ulaglary bilen deňeşdirilende, has ýokary durnuklylygy görkezýändigini bellediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir