Hytaýyň Huawei kompaniýasy 12-nji dekabrda dünýä bazary üçin özüniň flagman eplenýän gurluşynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer. Çäre Dubaýda geçiriler, anons Huawei Mobile kompaniýasynyň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda ýerleşdirildi. “Klassykany açyň, çünki flagman eplenýän gurluşlaryň täze kämillik döwri başlanýar” – diýlip, habarda aýdylýar, ýöne gürrüňiň haýsy model barada gidýändigini kompaniýa aýdyňlaşdyrmaýar. Analitikler çärede noýabr aýynda Hytaýda hödürlenen eplenýän smartfon Mate X6-nyň halkara wersiýasynyň görkezilip bilinjekdigini çaklaýar. Şeýle-de, ilkinji üç eplenýän smartfon bolan Mate XT Ultimate Design görkezilip bilner. Onuň dünýä bazaryna 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde çykmagyna garaşylýar, ýöne deslapky anonsyň Dubaýda boljakdygyny inkär edip bolmaz. Şeýle-de, öň Hytaýda çykarylan MatePad Pro 13.2 (2025) planşetiniň we FreeBuds Pro 4 nauşnikleriniň peýda bolmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, Mate 70 hatarynyň smartfonlarynyň dünýä bazaryna çykjak senesi nämälimligine galýar. Huawei üç ekranly smartfonlar ýaly innowasion çözgütleri hödürlemek bilen, eplenýän gurluşlaryň bazarynda ornuny berkitmegi dowam etdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir