Redmi kompaniýasy satuw başlanyndan soň bir günüň içinde Hytaýda 660 müň K80 we K80 Pro smartfonlarynyň satylandygyny habar berdi. Täze önümler müşderilerde uly isleg döretdi. Kompaniýanyň Weibo platformasynda berlen maglumatlaryna görä, köp dükanlarda flagman modellerini satyn almak isleýän müşderileriň sany köpelýär. Redmi K80 Pro Snapdragon 8 Elite prosessorly smartfonlaryň iň amatlylarynyň birine öwrüldi. Smartfon 2K durulykdaky ekrany, 120 Wt çalt zarýad berýän 6000 mAh akkumulýatory we IP69 suw we tozan goragy bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjamyň bahasy 511 dollardan başlaýar. Esasy K80 wersiýasynyň bahasy 345 dollardan başlaýar. Ol Snapdragon 8 Gen 3 prosessoryny aldy. Batareýasynyň kuwwaty 6550 mAh.