BMW nemes awtokonserni we Amerikanyň wideo oýunlary neşir ediji Electronic Arts-y hakyky BMW M3 GTR-ny döretdi, ol öň diňe 2005-nji ýylyň Need for Speed: Most Wanted oýnunda bar bolan awtoulagdy. Bu barada Motor1 habar berýär. M3 GTR modeli Need for Speed-de iň tanalýan awtoulaglaryndan biridir, şonuň üçin hem Need for Speed-iň 30 ýyllygyna üýtgeşik bir zat etmek isledik” - diýip, Need for Speed: Unbound-yň uly kreatiw müdiri Jon Stenli mälim etdi. Awtoulag üçin oýnuň asylky kümüşsöw-gök reňkini takyk görkezjek ýörite plýonka döredildi. Awtoulagyň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň 27-nji noýabryndan 2025-nji ýylyň 6-njy ýanwary aralygynda Mýunhendäki BMW Welt sergi merkezinde geçer. Mundan başga-da, ähli oýunçylar üçin elýeterli bolan Vol 9: Prepare for the Lockdown patçynyň çäklerinde 2022-nji ýlyň Need for Speed Unbound oýnuna BMW M3 GTR goşuldy.