Apple Siri-niň kämilleşdirilen wersiýasynyň üstünde işleýär, platforma 2026-njy ýylda işe giriziler. Bloomberg synçysy Mark Gurmanyň aýtmagyna görä, taslama LLM Siri adyny aldy. Häzirki wagtda ses kömekçisi aýratyn bir programma görnüşinde synag edilýär, emma geljekde ol Siri-niň häzirki interfeýsini çalşar. Täze wersiýanyň iOS 19 we macOS 16-nyň bir bölegi hökmünde 2025-nji ýylyň iýun aýynda WWDC-de hödürlenmegine garaşylýar. Täzelenen wersiýa ChatGPT we Google Gemini tehnologiýalaryna meňzeş emeli aňy ulanyp, çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirip bilýär. Häzirki Siri täzelenmelerinde käbir gowulaşmalar bar. iOS 18.1-e täze interfeýs, birnäçe buýruklarynyň gaýtadan işlenilmegi we Type to Siri funksiýasy goşuldy. Dekabr aýynda boljak iOS 18.2 täzelenmesi, Siri-ni ChatGPT bilen utgaşdyrar.