Mercedes-Benz 2040-njy ýyla çenli şäherlerde ulaglaryň geljegi baradaky garaýyşlaryny paýlaşdy. Kompaniýanyň çaklamalary futurologlar, sosiologlar we arhitektorlar ýaly, dürli ugurlar boýunça hünärmenler toparynyň barlaglaryna esaslanýar. Seljerme üç şäheri - Londony, Los-Anjelesi we Şençženi öz içine aldy diýip, auto.ru. habar berýär. Kompaniýanyň pikirine görä, Londonda däp-dessurlar innowasiýalar bilen utgaşar. Jemgyýetçilik ulagy we merkezleşdirilen awtoulag duralgalary ösdüriler. Taryhy merkezde robotlaşdyrylan elektrik awtoulaglary ileri tutular. Los-Anjeles elektrik awtoulaglaryna geçjek hususy ulaglara ünsi jemlär. Sürüjisiz hereket edýän awtoulaglar üçin aýratyn zolaklar bölüner we ýola gözegçilik etmegi elektronika öz üstüne alar. Şençžen şäherinde hereket birnäçe derejede guralar. Bulut hasaplaýyş tehnologiýalary howa ulaglarynyň we ýokary tizlikli otlularyň üstüni ýetiriler. Adaty tendensiýalar elektrikleşdirmegi, robotlaşdyrmagy we sanlylaşdyrmagy öz içine alýar. Mercedes-Benz öz işläp taýýarlaýyşlarynyň arasynda sürüjiler üçin wirtual äýnekleri, interýer üçin biomateriallary we energiýa öndürmek üçin örtükleri agzady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir