Lunar Outpost kompaniýasy SpaceX bilen Lunar Dawn rowerini (Aý ulagy) Aýa ugratmak barada şertnama baglaşdy. SpaceNews-iň habar bermegine görä, enjam Starship gämisiniň üýtgedilen görnüşiniň kömegi bilen Aýyň üstüne eltiler. Missiýanyň başlajak senesi we jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi. Hünärmenler muny NASA-nyň Artemis programmasynyň missiýalary üçin Aý ulagyny saýlamak meýilnamasy bilen baglanyşdyrýarlar. NASA-nyň yglan eden bäsleşigine Lunar Outpost-dan başga-da, Intuitive Machines we Venturi Astrolab kompaniýalary hem saýlandy. Olaryň her biri esasy hyzmatdaşlaryň goldawyny alýarlar. Mysal üçin, Intuitive Machines-e Aý ulagyny gurmakda MDA Space, Goodyear, General Motors we Leidos kompaniýalary kömek edýärler. NASA Lunar Outpost-yň taslamasyny saýlamadyk we ony maliýeleşdirmegi dowam etdirmedik ýagdaýynda-da, kompaniýa taslamadan ýüz öwürmezlik kararyna geldi. Enjam kosmonawtlary daşamaga we özbaşdak işlemäge ukyplydyr, bu bolsa bazara gatnaşyjylaryň köpüsini gyzyklandyryp biler. Bulardan aýratynlykda, NASA 2032-nji ýylda Ýaponiýanyň germetiki roweriniň Aýa görkezme uçurylyşy üçin Starship-i saýlady. Bu taslama Artemis programmasyndaky kompaniýalaryň missiýalary şowsuz bolan ýagdaýynda, töwekgelçiligi azaltmak üçin JAXA bilen bilelikde durmuşa geçirilýär.