Espresso (latte, kapuçino) esasly içgiler Alsgeýmer keselinden goraýar, süzülen kofe bolsa ýürek we damarlar üçin aýratyn peýdalydyr. Bu barada Budapeştdäki Zemmelweýs uniwersitetiniň lukmançylyk wizuallaşdyryş bölüminiň müdiri Pal Maurowiç-Horwat “Daily Mail” neşiri bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Alym kofeniň organizme oňyn täsir edýändigini, ýöne onuň täsiriniň taýýarlanyş usulyna baglydygyny aýtdy. Norwegiýaly ylmy gözlegçiler iki onýyllygyň dowamynda 500 müň meýletinçiniň iýmitleniş endiklerini öwrenip, süzülen kofeniň ýürege we damarlara oňyn täsir edýändigini anykladylar. Günde şeýle içgiden dört çaşka içmek ýürek tutmasyna getirip biljek arterial patologiýa howpuny azaldýar. 2023-nji ýylda italiýaly alymlar espresso, şol sanda kapuçino we latte esasly kofeniň beýnä oňaýly täsir edýändigini anykladylar. Espresso ekstrakty beýnide Alsgeýmer keseli bilen baglanyşykly zäherli beloklaryň üýşmeginiň öňüni alýar, kofein bolsa çişi kiçeltmäge we neýronlary goramaga kömek edip, demensiýanyň güýjemek töwekgelçiligini azaldýar. Şeýle-de bolsa, kofeniň ähli görnüşleri deň derejede peýdaly däldir. Kanadanyň Makgill uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, ereýän kofe köp mukdarda zäherli bolup biljek akrilamidi saklaýar. Barlaghana derňewleri rasionda akrilamidiň haýwanlarda öýkeniň we reproduktiw ulgamyň rak keselini ýüze çykarýandygyny görkezdi. Muňa garamazdan, ortaça ýagdaýda (günde 10 çaşka çenli) içilende, ereýän kofeniň ýaramaz täsiri azdyr. Maurowiç-Horwat şeýle kofeniň içegäniň mikroflorasyny goldaýan we organizmi kesellerden goraýan antioksidantlara baýdygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir