Germaniýanyň Bremen uniwersitetiniň hünärmenleri britaniýaly kärdeşleri bilen bilelikde Antarktidada ýantaryň ilkinji nusgalaryny tapdylar. Daşa öwrülen şepbik baryp 2017-nji ýyda Amundsen deňziniň düýbünden çykarylan kernde gizlenen eken. Bu barada Antarctic Science (AS) žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, Sci.News habar berýär. Seljerme tapylan ýantaryň ýaşynyň, takmynan, 90 mln ýyldygyny görkezdi, bu bolsa hek döwrüne gabat gelýär. “Antarktika ýantarynda mikrobölejikler görnüşinde agaç gabygynyň bolmagy mümkin. Onuň gaty, dury we ýarym dury bölejiklerini göz öňünde tutsaň, ýantar ýokary hilli bolup, bu onuň ýeriň üstüne ýakyn gizlenendigini görkezýär” – diýip, ylmy gözlegleriň awtorlarynyň biri Henni Gerşel belledi. “Şepbik – bu, adatça, ösümligiň içinde ýa-da onuň üstünde, esasan, iňňe pürlüler tarapyndan bölünip çykarylýan uçýan we uçmaýan birleşmeleriň lipidde ereýän garyndysy hökmünde kesgitlenýän ösümligiň gönüden-göni önümidir. Käbir ösümlik şepbikleri bellibir şertlerde daşa öwrülip, ýantar görnüşinde geologik ýyl ýazgylarynda saklanyp bilýär” – diýip, Bremen uniwersitetinden ylmy gözlegiň baş awtory, doktor Iogann Klages düşündirýär. Şeýle-de, hünärmenler topary şepbigiň patologik akymynyň – agajyň mugthorlar ýa-da tokaý ýangynlary sebäpli ýeten zyýanlary “bitirmek” üçin şepbik çykarýan prosesiniň alamatlaryny ýüze çykardylar. Bu açyş alymlara Antarktidanyň hek döwründe Günorta polýusyň golaýynda bar bolan gadymy tokaýlar barada has köp maglumat almaga mümkinçilik berýär. Alymlaryň pikiriçe, ýantaryň öwrenilmegi Antarktidada taryhdan öňki iňňe pürlüleriň tokaýlaryna ösmäge mümkinçilik beren gurşawy we klimat şertleri barada gymmatly maglumat berip biler.