Şu gün, 14-nji noýabrda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara gutlag iberdi. "Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede işe girizmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalary döwrebaplaşdyrylýar. Maglumat we telekommunikasiýa hyzmatlary babatda işleriň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny kämilleşdirmek çäreleri dowam etdirilýär. Milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri, binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýan Arkadag şäherinde hem öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär. Döwlet Baştutany ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmekde, dünýä ähmiýetli iri taslamalary, milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň ähmiýetiniň uludygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýöriteleşdirilen halkara serginiň we ylmy maslahatyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda, olary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny nygtady.