Awstraliýadaky kiçeňräk mekdep Singapurda geçirilen Bütindünýä binagärlik festiwalynda “Ýylyň binasy-2024” diýlip ykrar edildi diýip, CNN habar berýär. Mekdep Sidneýiň golaýyndaky Çippendeýl şäherjiginde ýerleşýär. Fjcstudio dizaýn studiýasy tarapyndan işlenip düzülen bu binagärlik taslamasy beýik binalary, muzeýleri we howa menzilleriniň terminallaryny öz içine alýan dünýäniň 220-den gowrak beýleki binagärlik desgalaryndan öňe geçmegi başardy. Mekdebiň büdür-südürräk kerpiç gurluşy özboluşly "diş-diş" üçekli üýtgeşik arhitekturasy bilen tapawutlanýar. Mekdebiň kampusynda açyk meýdançalar, giň basketbol meýdançasy we jemgyýetçilik bagy bar. Açyk terrasalary gündiziň ýagtylygyny goýberýän ownuk deşikleri bolan egri metal germew bilen gurşalan. Fjcstudio-nyň arhitektorlarynyň sözlerine görä, olaryň wezipesi bilim standartlaryna laýyk gelýän häzirki zaman we amatly okuw gurşawyny döretmek bilen birlikde, kampusyň aýratyn atmosferasyny hem üpjün etmekdi. Olar täze taslamanyň okuw meýdançasyny “düýpgöter üýtgedendigini, onuň indi çagalar üçin has açyk we elýeterli boljakdygyny bellediler. Häzirki wagtda kampusda mekdebe çenli we başlangyç mekdep ýaşyndaky çagalaryň 500-den gowragy okaýar. Gurluşyk iki tapgyrda geçirildi, bu bolsa okuwyň gidişine päsgel bermezlige mümkinçilik döretdi.