Dubaý 30-njy gyşky şoping festiwaly Dubai Shopping Festival-y (DSF) geçirmäge taýýarlanýar. Bu uly göwrümli çäre 2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda başlar we 2025-nji ýylyň 12-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Çäräni gurnaýan Dubaýyň Festiwallary we bölek söwdany dolandyryş departamenti (DFRE) şu ýyl maksatnamanyň 38 gün dowam edip, tutuş emirligi öz içine aljakdygyny habar berýär. Bu döwürde şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna uly arzanladyşlar, Täze ýyl dabaralary, tematiki seýilgähler, açyk howada dynç alyş, kenarýaka çäreleri we gymmatly baýraklary utmak mümkinçiligi garaşýar: 321 Festival. Dünýä belli ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda uly aýdym-saz çäresi. Ol 2024-nji ýylyň 6 – 8-nji dekabrynda “Coca-Cola Arena” stadionynda geçiriler. Market Outside The Box (MOTB). Köçede geçirilýän pop-ap çäreleri we açyk asmanyň astynda tematik söwda zolaklary. Canteen X. Dürli görnüşli tagamlary we gastronomik konsepsiýalary hödürleýän iýmit festiwaly. Arzanladyşlar we aksiýalar: 1000-den gowrak brend müşderilere arzanladyşlary we ýörite teklipleri hödürlär. Baýramçylyk çäreleri: Şäher Dubai Lights yşyk enjamlary bilen bezeler, her agşam emirligiň asmanyny feýerwerkler we dronlaryň şüweleňi bezär. Ilkinji gezek 1996-njy ýylda geçirilen festiwal Dubaýyň ösüş strategiýasynyň möhüm bölegine we onuň halkara arenasyndaky ornunyň nyşanyna öwrüldi. Häzirki günde DSF dünýäde iň dowamly şoping festiwaly bolmagynda galýar. Çäreleriň doly sanawy we beýleki giňişleýin maglumatlar festiwalyň resmi saýtynda ýerleşdiriler.