Aşgabat şäherinde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly açyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki halklaryň köpdürli medeniýetiniň, şeýle hem ruhy taýdan ýakynlygynyň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjak festiwalyň açylmagy bilen gutlap, onuň işine üstünlik arzuw etdi. "Häzirki wagtda Diýarymyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, milli filmleriň döredilmegine we köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda guralýan ugurdaş halkara çärelere gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýäris. Geçen ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirildi. Bu festiwal baý mazmuna eýe bolup, kino sungaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn netijeleri berdi" diýip, döwlet Baştutany belledi. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň esasy maksady kinematografiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekden, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, "bu çärä türki döwletler bilen birlikde, Russiýa Federasiýasynyň meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlarynyň we bilermenleriniň gatnaşmaklary bolsa bu ugurda hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňelýändigini görkezýär".