“Formula-1” çempionaty bilen Şweýsariýanyň konditer önümlerini öndürmek boýunça belli kompaniýasy Nestlé-iň arasynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk başlandy. Bu barada F-1-iň metbugat gullugy habar berdi diýip, Çempionat portaly ýazýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde Nestlé-iň eýeçiligindäki KitKat brendiniň batony çempionatyň resmi önümi bolar. Şertnama görä, KitKat logotipi “Formula-1-iň” ýaryş ýollarynda peýda bolar, janköýerler bolsa sarp ediji paýnamalaryna, baýrak utmaga we käbir ýaryşlarda Nestlé-iň janköýerleri üçin ýörite zonalara bil baglap biler. Hyzmatdaşlyk indiki ýyl resmi taýdan başlar we KitKat batonynyň döredilmeginiň 90 ýyllygyna we “Formula-1-iň” 75 ýyllygyna bagyşlanar. “Biz KitKat ýaly dünýäde ykrar edilen brendiň hyzmatdaş hökmünde bize goşulandygyna begenýäris. Ony hemmeler gowy görýär. Biz onuň ýaryş ýolunda janköýerlere nähili ajaýyp täsirleri sowgat etjekdigini hem-de täze auditoriýany sport bilen tanyşdyrjakdygyny görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, F-1-iň täjirçilik müdiri Emili Preýzer bu hyzmatdaşlyga teswir berdi.