Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) lideri Sigeru Isiba ýurduň premýer-ministri wezipesine ýene saýlandy. Çözgüt hökümet baştutanyny tassyklamakda aýgytly ähmiýete eýe bolan aşaky palatada geçirilen ses berişligiň ikinji tapgyrynda parlament tarapyndan kabul edildi diýip, Kyodo agentligi habar berýär. Isiba deputatlaryň ýarysyndan gowragynyň goldawyny alyp, 221 ses gazandy, onuň esasy garşydaşy, oppozision Konstitusion-demokratik partiýasynyň başlygy Ýosihiko Noda 160 ses aldy. Jemi 381 ses berildi. Ses berişlikde ýeňiş gazanandan soň, Ýaponiýanyň imperatory Naruhito Isibanyň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklady. Dabara Tokiodaky imperatorlyk köşgünde geçirildi we bu ýerde her bir ministre wezipä bellenilendigi barada resmi hat gowşuryldy. Täze hökümetde diňe üç sany täze wekil peýda boldy: Isibanyň birinji administrasiýasyndan 19 ministriň 16-sy öz wezipelerini saklady. Belläp geçsek, bu Isibanyň 1-nji oktýabrda premýer-ministr wezipesine ilkinji gezek bellenmeginden soň ikinji Ministrler Kabinetidir. Ol wezipä girişenden soň parlamenti boşatmak we saýlawçylaryň goldawyny almak üçin möhletinden ir saýlawlary geçirmek kararyna geldi. Netijede, onuň ýolbaşçylygyndaky Liberal-demokratik partiýasy we “Komeýto” Wekiller palatasynda (parlamentiň aşaky palatasy, ikisinden esasysy) köplügini ýitirdi. Muňa garamazdan, parlamentçiler onuň premýer-ministr hökmünde saýlanmagyny goldadylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir