ABŞ-nyň prezident saýlawlarynda respublikan dalaşgär Donald Tramp ýeňiş gazandy. Fox News, CNN, Reuters, Associated Press, NBC News, ABC News ýaly portallaryň habarlaryna görä, Tramp takmynan, öz gazanan 277 saýlaw sesine bil baglap biler, saýlawda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgäre 270 ses zerurdy. Demokratik partiýadan dalaşgär, häzirki wise-prezident Kamala Harris 219 bilen 224 aralygynda ses gazandy. Şol bir wagtyň özünde, saýlawyň jemleýji netijeleri jemlenip bolmady, häzir hem ses sanalmak işleri dowam edýär. Donald Trampyň özi eýýäm özüni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 47-nji Prezidenti diýip yglan etdi. Wekiller palatasynyň başlygy Maýk Jonson ony saýlanan döwlet baştutany diýip atlandyrdy. Tramp eýýäm köp daşary ýurt liderlerinden gutlag aldy. Hususan-da, Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban Trampyň ýeňşini “ABŞ-nyň syýasy taryhynda iň uly gaýdyp geliş” diýip atlandyrdy. ABŞ-da saýlawlar, adatça, iki basgançakly ulgam boýunça geçirilýär. Ählihalk ses berişliginden soň, ses berişlik 50 ştatyň her birine we Kolumbiýa okrugyna wekilçilik edýän saýlaw wekilleriniň kollegiýasynda dowam edýär. Olar öz sebitleriniň netijelerine görä öz seslerini berýär. Umuman, ulgama 538 saýlaw wekili gatnaşýar, dalaşgäre bolsa ýeňiş gazanmak üçin azyndan 270 ses almak gerek. Prezident bilen bir wagtyň özünde ABŞ-da kongresmenler hem saýlanyldy. Onda Respublikan partiýa ABŞ Senatynda köp ses aldy. CNN habarlar gullugynyň maglumatyna görä, 78 ýaşly Donald Tramp ýeňlişinden soň, Ak Tama gaýdyp gelen ABŞ-nyň ikinji Prezidenti bolar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň taryhynda ilkinji şeýle Prezident Grower Kliwlend boldy. Ol 1884-1888-nji we 1892-nji ýyllarda yzly-yzyna üç saýlawa gatnaşdy, ýöne diňe 1884-nji we 1892-nji ýyllarda ýeňiji diýlip ykrar edildi. Tramp 2016-njy ýylda geçirilen saýlawda ýeňiş gazandy, ýöne 2020-nji ýylda şol wagt 78 ýaşyndaky demokrat Jo Baýdenden ýeňildi. Şonda Baýden häzirki iň garry döwlet baştutany hökmünde ykrar edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir