Alymlar emeli aň (AI) tehnologiýalaryny ulanyp, taryhy tapyndylaryň - heýkelleriň döwlen ýerlerini dikeltmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Köplenç zeper ýetmekden we ýaramazlaşmakdan ejir çekýän medeni ýadygärlikler köne suratlar esasynda dikeldilip bilner. Ýaponiýanyň Risumeýkan uniwersitetinden professor Satoşi Tanakanyň hem-de Pekindäki Ylym we Tehnologiýa uniwersitetinden doktor Szýao Panyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary 3D arkaly medeni ýadygärlikleriň ýykylan, döwlen ýerlerini täzeden gurmak üçin köp aýratynlykly nerw ulgamyny döretdiler. Bu usul adaty tehnologiýalaryň dikeldip bilmejek aýratynlyklaryny: çuňlugyny we jikme-jikliklerini döredip biler diýip, news.rambler.ru ýazýar. Professor Tanaka bu tehnologiýanyň medeni mirasy gorap saklamak we ýaýratmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny, diňe bir arheologlar üçin däl, eýsem, VR we älemi öwrenmäge gönükdirilen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly wirtual tejribeler üçin-de täze mümkinçilikleri döredýändigini belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir