Uly şäherlerde, esasanam, Ýewropada we ABŞ-da sürüjiler awtoulag duralgasyndan boş ýer tapmakda kynçylyk çekýärler. Bu elektrik ulagynyň eýelerini kyn ýagdaýda goýýar, olaryň 49%-i ulagyny zarýada goýýarka nädogry ýerde durup jerime alýar. Kia awtoulag öndürijisi bu meseläni çözjek täze CarPay ulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi diýip, 32Cars.ru habar berýär. Hyzmat sürüjilere ulagynda oturan ýerinden awtoulag duralgasy we beýleki hyzmatlar üçin töleg geçirmegi teklip edýär. CarPay awtoulagyň nawigasiýa ulgamy bilen birleşip, sürüjileriň awtoulag duralgasyny tapmagyny we töleg geçirmegini aňsatlaşdyrýar. Awtoulag duralgasyny gözlemek we tölemek üçin hyzmat edýän Parkopedia kompaniýanyň ilkinji hyzmatdaşy boldy. Ol Ýewropanyň 19 ýurdunda 1,7 milliondan gowrak awtoulag duralgasyny öz içine alýar we ýapyk awtoulag duralgasyna çenli giňelmegi meýilleşdirýär. CarPay-a birikmegiň netijesinde sürüjiler diňe bir nawigasiýa ekrany arkaly awtoulag duralgasyndan boş ýer tapmak bilen çäklenmän, eýsem, parkomatlary gözlemek ýa-da programmalary gurmak zerurlygyny aradan aýryp, öňünden saklanan töleg kartoçkasy arkaly ygtybarly töleg edip bilerler. Täze ulgam, EV3-den başlap, geljekki Kia modelleriniň hemmesinde elýeterli bolar.