Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 4-5-nji noýabrda aralygynda Kuweýtde geçirilen terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahata gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Türkmen wekiliýeti «Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çeýe gurallary döretmek – Duşenbe prosesiniň Kuweýt tapgyry» atly ýokary derejeli maslahatyň ministrler mejlisine gatnaşdy. Onuň dowamynda terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda köptaraplaýyn çemeleşmeleriň ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Öz çykyşynda A.Gurbanow Türkmenistanyň milli we halkara derejelerde parahatçylyga we howpsuzlyga, şol sanda terrorçylyk we radikal ýüze çykmalara garşy göreşmek maksady bilen ähli zerur çäreleri we hereketleri amala aşyrýandygyny belledi. Terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we beýleki howplara garşy göreşde Türkmenistanyň öz işini BMG bilen utgaşdyrýandygy nygtaldy. Ýokary derejeli maslahatyň barşynda möhüm energiýa infrastrukturasyny terrorçylyk hüjümlerinden goramak boýunça ugurdaş çäre geçirildi. Çärede türkmen wekiliýeti möhüm infrastrukturany goramak we ony üpjün etmek üçin amaly çäreleriň işlenip düzülmegine gönükdirilen başlangyçlary Türkmenistanyň goldaýandygyny belledi. BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň (UNOCT) ýolbaşçysy W.Woronkow çykyşynda Türkmenistanyň hökümetine UNOCT bilen ýakyn hyzmatdaşlygy hem-de onuň işine doly goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen tarapy maslahata gatnaşyjylary 11-12-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek UNOCT-niň çäresine çagyrdy. Saparyň çäginde Türkmenistanyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.