Aşgabatda geçirilen "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy - 2024" halkara sergisinde Hytaýyň "Energy China" korporasiýasy "ýaşyl energetika" ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip başlandygyny yglan etdi. "Energy China" korporasiýasy elektrik beketleriniň gurluşygyna ýöriteleşen dünýäde iň iri inženerçilik kompaniýalarynyň biri bolup durýar. Korporasiýa 11 ýyl bäri Fortune 500 sanawyna girip gelýär. Kompaniýanyň wekili Song Tengçaonyň aýtmagyna görä, "Energy China" Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen hyzmatdaşlyk eder. «Siziň ýurduňyz infrastrukturasynyň çalt depginde ösýändigini görkezýär. Biz hem, öz gezegimizde, pes uglerodly energetiki geçişe, şeýle hem synagdan geçen hytaý tehnologiýalaryny ulanyp, Türkmenistanda we Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam ederis" diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri Tengçaonyň sözlerini getirýär.