Londondaky Britan muzeýiniň gözlegçileri üstünden, takmynan, 3000 ýyl töweregi wagt geçen Wawilonyň Imago Mundi çelgisinden (ýolgörkezijisinden, kartasyndan) Nuh pygamberiň taryhyna meňzeş gadymy hekaýatyň gämisiniň ýerleşýän ýerini görkezip biljekdigini çaklaýarlar. Bu barada artnet.com habar berýär. B.e. öňki VII asyrda döredilen gadymy çelgi (ýolgörkeziji) dünýäniň iň gadymy kartalarynyň biridir. Mesopotamiýanyň gadymy ýaşaýjylary tarapyndan düşünilişi ýaly, ol Ýeri şekillendirýär. Kartada Wawilony, Ýewfrat derýasyny, dürli şäherleri, daglary... tapawutlandyryp bolýar. Suratlandyrylan giňişligiň töwereginde ýene goşa tegelek şekil bar - bu "Ajy derýa" diýilýär. Gadymy wawilonlylar bu suw howdanynyň daşyndaky ähli zady “öwrenilmedik dünýä” hasaplaýardylar. Derýanyň daşyndaky üçburçluk uzak daglary ýa-da näbelli ýerleri aňladýar. Britaniýanyň muzeýiniň ýolbaşçysy we hat öwrenmek (klinopis) boýunça hünärmen, doktor Irwing Finkel: "Bu tegelek şekil adamlaryň ýaşaýan, gülläp ösen we ýok bolan bütin dünýäsini öz içine alýar" diýip aýdýar. Şeýle-de Imago Mundi ýolgörkezijisi Marduk hudaýy tarapyndan dünýäni döretmek baradaky gadymy mifi we şonuň ýaly ýazgylary özünde jemleýär. Mundan başga-da, Nuh ýaly ýeriň ähli ýaşaýjylaryny suwdan halas etmek üçin gämi guran Utnapiştim patyşa bar. XIX asyrda Yragyň günortasynda ýerleşýän Wawilonyň gadymy şäheriniň golaýynda palçykdan ýasalan bu ýolgörkeziji karta tapyldy. Ony Britaniýanyň muzeýi 1882-nji ýylda satyn aldy. Şeýle-de bolsa alymlar indi ýazgyny täzeden gözden geçirenden soň, ýolgörkezijidäki ýazgylaryň gäminiň ýerleşýän ýerine barýan ýoly görkezip biler diýen netijä geldiler. Ýolgörkezijidäki ýazgylaryň biri syýahatçylara kartadaky dördünji üçburçlugyň ugrunda "parsiktu gämisine" meňzeş bir zady görýänçä "ýedi ligany" (bu takmynan, 2,3 km deň bolan taryhy ölçeg birlik) geçmegi aýdýar. Gämini bellemek üçin wawilonlylaryň “parsiktu” sözüni ulanandyklaryna üns beriň. Gözlegçileriň pikiriçe, karta Urartu dagyna (Ararat dagynyň Assiriýa ekwiwalenti) eltýär. Hut şu ýerde gadymy Mesopotamiýa ertekisindäki Utnapiştim patyşanyň gämisi ýalpak ýere oturypdyr.