Toyota kompaniýasy 2025-nji model ýylynyň Grand Highlander awtomobilini hödürledi. Täze esasy komplektasiýa LE bazara 42 310 dollar başlangyç baha bilen çykýar. IXBT portalynyň belleýşi ýaly, ol başlangyç bahasy 44 715 dollar bolan geçen ýylky esasy model XLE-den arzandyr. Indi LE wersiýasy hem öňdäki herekete getiriji, hem doly herekete getiriji bilen elýeterlidir. Model 12,3 dýuýmlyk sensor ekranyny, 18 dýuýmlyk tekerleri we 265 at güýjüni berýän 2,4 litrlik turbo hereketlendirijisini saklap galdy. Esasy wersiýadan başga-da, Toyota täze Nightshade komplektasiýasyny hödürledi. Ol radiator gözeneginde, aýna korpuslarynda gara reňkler we garaldylan tekerler bilen tapawutlanýar. Bu wersiýada goşmaça tölegsiz JBL audioulgamy hem göz öňünde tutuldy. Kompaniýa Grand Highlander üçin gibrid we Hybrid Max güýç enjamlaryny hödürleýär. Gibrid güýç enjamy 245 at güýjüni berýär we 100 km üçin 6,5 l sarp edýär. Şol bir wagtyň özünde, Hybrid Max 362 at güýjüni üpjün edip, 100 km üçin 8,7 l sarp edýär. 2025-nji ýylyň Grand Highlander modeli ýylyň ahyryna çenli satuwa çykar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir