Time žurnaly 2024-nji ýylyň iň möhüm oýlap tapyşlarynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň awtorlary sarp ediş elektronikasynda, saglygy goraýyş ulgamynda, robototehnikada we beýleki ugurlarda iň täze işläp taýýarlamalary saýladylar. Şu ýyl reýtingde hem gündelik durmuşy ýönekeýleşdirýän gurluşlar, hem lukmançylyk we saglygy goraýyş üçin ýokary tehnologiki çözgütler görkezildi. Iň ähmiýetli gajet hökmünde ilkinji üç eplenýän tapgyrlaýyn model – Huawei Mate XT smartfony aýratynlandyryldy. TmCars bu smartfon barada ozal habar beripdi. Sarp ediş elektronikasy kategoriýasyna 2,84 mm ýogynlykdaky Honor Magic V3 hem girdi. Bu örän inçe eplenýän smartfon ýarym million gezek açmak we ýapmak üçin çydamlydyr. “Gözellik” kategoriýasynda kirpikleri “uzaltmak” üçin robot Luum Precision Lash tapawutlandy. Ol bu prosedurany has çalt we howpsuz edýär: el bilen ýerine ýetirilende 2-3 sagat wagt alýan bu işi robot 1,5 sagatda bitirýär. Mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin gajetleriň arasynda eşidiş enjamy hökmünde ulanyp boljak AirPods Pro 2 nauşnikleri bellendi. Programma üpjünçiligi kategoriýasynda Time “Onlaýn nika baglaşmak” mümkinçiligini hödürleýän “Diýa” ukrain programmasyny belledi. Wideoaragatnaşyk arkaly nika RÝNÝ-niň resminamalary ýörite gol bilen tassyklaýan işgäri tarapyndan hasaba alynýar. Güýmenje üçin täzelikleriň arasynda Bose amerikan kompaniýasynyň klips nauşnikleri öňdebaryjy boldy – bu gulak çukurjygyna berkidilýän, ýöne eşidiş kanalyny ýapmaýan açyk görnüşli nauşniklerdir. Şeýle-de, ähmiýetli oýlap tapyşlaryň arasynda Amerikanyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline sanitariýa gözegçiligi edarasy (Food and Drug Administration) tarapyndan ýakynda tassyklanan özbaşdak burun üsti bilen goýberilýän dümewe garşy sanjym bar. Bu kategoriýa saglygy analiz etmek üçin emeli aň bilen enjamlaşdyrylan unitaz üçin akylly oturgyç Toi Labs TrueLoo hem girdi. Beýleki ähmiýetli oýlap tapyşlaryň hatarynda Arc'teryx and Skip MO/GO ekzoskeleti, reňkli E-Ink ekranly Rakuten Kobo Libra Colour kitaby, gyzzyrma garşy göreşmek üçin R21/Matrix-M sanjymy, suwuň hilini barlaýjy LifeStraw Sip, robot-hirurg Medical Microinstruments Symani Surgical System, sintetik pagta, barlaghana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen et, ýumrulan binalaryň aşagyndan adamlary gözlemek üçin robot we beýlekiler bar.