4-nji noýabrda Seulda 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Günorta Koreýanyň daşary işler ministri Ço The Ýulyň ýolbaşçylygynda geçirilen foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Forumyň dowamynda ulag-logistika ulgamyndaky hem-de energiýa pudagyndaky özara gatnaşyklar, sanly özgeriş we daşky gurşaw meseleleri ýaly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew ýurdumyzyň giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga ygrarlydygyny belläp, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň geljegine ünsi çekdi. 14-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň netijelerine aýratyn üns berildi. Forumyň esasy mejlisiniň ahyrynda «Üpjünçilik zynjyrlary», «Daşky gurşaw», «Sanlaşdyrma» we «Syýahatçylyk» ugurlary boýunça utgaşykly görnüşde dört bölümçe geçirildi. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri sanly aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen bölümçeleriň işine gatnaşdylar. Forumyň netijeleri boýunça wekiliýetleriň ýolbaşçylary Bilelikdäki Beýannamany we 2025-nji ýyl üçin Forumyň sekretariatynyň iş meýilnamasyny kabul etdiler şeýle hem Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň ýurtlarynyň medeni mirasynyň sergisini synladylar. Günüň ikinji ýarymynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatynyň çäginde syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy. 5-nji noýabrda 17-nji Hyzmatdaşlyk forumynyň çäginde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň bäşinji nobatdaky mejlisi hem geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryna garadylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir