“Red Bull-yň" sürüjisi Maks Werstappen “Formula 1” klasly ulag ýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Niderlandly sürüji ýaryşa 17-nji orundan başlady. Ýaryşlar “Interlagos” aýlawynda geçirildi. “Alpin” toparynda çykyş edýän fransuz sürüjileri Esteban Okon we Pýer Gasly pellehana degişlilikde ikinji we üçünji bolup geldiler. Werstappen seýfti-kardan soň, soňky restartda Okondan öňe geçmegi başardy. Ondan öň niderlandly sürüji hem, fransiýaly sürüji hem, Franko Kolapinto heläkçilige uçrandan soň, ýaryş gyzyl baýdak galdyrylyp togtadylmanka, pit-stopa girmän, birnäçe ýer gazanypdy. Werstappen indi 393 utuk toplap, çempionatyň şahsy hasabynda öňdebaryjylygyny berkitdi. Ikinji orny “Maklareniň” sürüjisi britaniýaly Lando Norris (331) eýeleýär, “Ferrariden” monegaskly Şarl Lekler (307) bolsa ilkinji üçlügi jemleýär. Indiki ýaryş 22-24-nji noýabrda, dynç güni Las-Wegasda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir