"Amazon-yň" esaslandyryjysy Jeff Bezos kompaniýanyň ýene-de 3 milliard dollardan gowrak möçbere barabar bolan paýnamalaryny satýar, diýip Greekwire habar berýär. Bezos 2024-nji ýylyň başyndan bäri 13 milliard dollarlyk paýnama satdy. Ol bu serişdeleri hususy kosmos kompaniýasy bolan Blue Origin-i maliýeleşdirmek, şeýle hem öýsüz-öwzarsyz maşgalalara kömek etmek we mekdebe çenli bilimi ösdürmek üçin döredilen haýyr-sahawat gaznasy bolan Bezos Day One gaznasyna goldaw bermek üçin ulanýar. Paýnamalaryň nobatdaky satuwy Amazon-yň çärýekleýin hasabatynyň üstünlikli çap bolmagy bilen gabat geldi. Bloomberg-iň habaryna görä, Amazon-yň paýnamalarynyň bahasy soňky 12 aýda 40%-den gowrak ýokarlandy, bu bolsa Bezosyň şahsy girdejisiniň 222 milliard dollara çenli artmagyna mümkinçilik berdi.