Bloomberg-iň abraýly insaýderi Mark Gurmanyň berýän täze maglumatlaryna görä, Apple düýbünden täze dizaýnly MacBook Pro çykarmagy meýilleşdirýär, ýöne ol 2026-njy ýyldan bärde çykmaz. Kompaniýa 2-nm tehnologiýa prosesi boýunça öndürilen, has inçe korpusa, OLED displeýine we M6, M6 Pro we M6 Max prosessorlaryna geçmegi meýilleşdirýär. Bu MacBook Pro-lar öndürijiligi we dizaýny boýunça M4 çipli soňky çykan iPad Pros-a meňzeýär. Şeýle-de bolsa, Gurmanyň berýän maglumatyna görä, önümçilikdäki kynçylyklar sebäpli 2025-nji ýylda leptoplaryň täzelenen modellerini hödürlemek baradaky asylky meýilnama bir ýyl yza süýşürildi. 2025-nji ýylyň güýzünde hödürlenjek M5 çipli indiki MacBook Pro täze çipden başga düýpli üýtgeşmeleri almasa gerek. M5 prosessorlary 3-nm tehnologiýasy prosessi boýunça öndüriler we öndürijiliginde häzirki M4-den düýpli tapawutlanmaz. Apple ozal täzelenen Mac mini-ni we iMac-y çykarýandygyny yglan edendigini ýatladýarys. Şeýle hem Bloomberg “kupertinaçylaryň” 2025-nji ýylyň ýazynda M5 çipli MacBook Air-ny, tomusda bolsa Mac Studio bilen Mac Pro-ny hödürlemegi meýilleşdirýändigini habar berdi.