Uorren Baffetiň eýeçiligindäki Berkshire Hathaway maýa goýum kompaniýasy Apple-däki paýyny azaltmagyny dowam etdirýär diýip, 9to5mac habar berýär. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda kompaniýanyň portfelinde galan Apple paýnamalarynyň bahasy 69,9 milliard dollar boldy, ikinji çärýegiň ahyrynda bolsa 84,2 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Berkshire Hathaway ýylyň başyndan bäri Apple-iň paýnamalarynda uly paýlary yzygiderli satdy we paýyny üçden iki esse azaltdy. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa Apple-däki paýyny 13 göterim, ikinji çärýekde bolsa 50 göterim azaltdy. Berkshire häzirki wagtda Apple-iň takmynan, 300 million paýnamasyna eýedir, ol 2023-nji ýylyň ahyrynda 905 million paýnamadan hem köpdi. Bu satuwlar kompaniýada rekord derejede ýokary bolup, nagt ätiýaçlyklaryny toplamaga mümkinçilik berdi. Ikinji çärýegiň ahyrynda kompaniýanyň nagt ätiýaçlygy 277 milliard dollar boldy, indi bolsa 325 milliard dollara ýetdi. Baffet ozal "maýa paýlanyşygyny hakykatdanam üýtgedýän haýsydyr bir täsirli zat bolmasa", Apple-iň Berkshireniň esasy baýlygy bolup galjakdygyny aýdypdy. Şeýle hem, ol Apple-iň paýnamalaryny azaltmak kararyna gelmeginiň salgyt meselesi bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Maýa goýum girdejilerine häzirki wagtda 21 göterim salgyt salynýar, ýöne geljekde ABŞ-nyň hökümeti artýan býujet ýetmezçiligini (zyýanyny, çökgünliligini) maliýeleşdirmek üçin ony artdyryp-da biler. Awgust aýynyň ahyrynda Berkshire Hathaway-yň bazar bahasy bir trillion dollardan geçdi. Netijede, bir trillion dollardan gowrak maýa goýlan ýedinji amerikan kompaniýasy, şeýle-de Berkshire Hathaway tehnologiýa pudagynyň daşyndaky ilkinji amerikan kompaniýasy boldy. Uorren Baffetiň kompaniýasynyň häzirki wagtda bazar bahasy 973,5 milliard dollar diýlip çaklanylýar diýip, ixbt.com ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir