Microsoft kompaniýasy indiki ýyl Windows 10-y goldamagyny bes eder. Belli bolşy ýaly, bu ähli operasion ulgamlaryň arasynda iň meşhur wersiýa we şonuň üçin kompaniýa isleg bildirýänlere goşmaça goldawy satmak kararyna geldi. Sarp edijiler Windows 10-y ýene birnäçe wagt ulanmaga mümkinçilik berýän giňeldilen goldaw (Extended Security Updates; ESU) bilen täzelenme üçin 30 dollar töläp biler. Bu mukdar bilen ulanyjylar bir ýylyň içinde möhüm howpsuzlyk täzelenmelerini, esasanam, Windows 10 ulgamly şahsy kompýuterleri islendik gowşaklykdan goramagy dowam etdirjek howpsuzlyk düzedişlerini alar. Ýöne şeýle goldawy ýene uzaltmak mümkinçiligi bolmazdan diňe bir ýyllyk satyn alyp bolýar. Ýatlap geçsek, OS goldawy 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda tamamlanýar, ýagny goşmaça goldawy 2026-njy ýylyň 14-nji oktýabryna çenli satyn alyp bolar. Bu teklip, esasan, korporatiw segmente gönükdirilendir.