Rudi Klýaýnyň onlarça ýyllap garažynda saklanýan gizlin ýygyndysy (kolleksiýasy) "RM Sotheby's" auksionynda satyldy. “Zibil” diýlip atlandyrylan lot auksionyň esasy bölegi boldy, bu 1956-njy ýylda öndürilen we seýrek gabat gelýän “Mersedes-Benz 300 SL Alloy Gullwing”awtoulagydyr. Auksion öýüniň web sahypasynda bellenişi ýaly, bu öndürilen awto 29 nusganyň biridir. Awtoulag 1976-njy ýylda Klýaýnyň ýygyndysyna (kolleksiýasyna) girdi we häzirki wagtda çynlakaý dikeldiş işlerini talap edýär. Şeýle-de bolsa, bu lotuň 4,5-6 million dollara satylmagyna garaşylýardy, ýöne "300 SL Alloy Gullwing" awtoulag görnüşi 9,3 million dollara satylyp, rekord goýdy. Awtoulag 1932-nji we 1949-njy ýyllar aralygynda “24 sagat içinde Le-Man” («24 часа Ле-Мана») ýaryşynyň üç gezek ýeňijisi bolan italýan sürüjisi Luiji Çinetti üçin ýörite gurnaldy. Şeýle hem auksionda 1957-nji ýylda öndürilen we öňündäki çep çyrasy bolmadyk “Mersedes-Benz 300 SL Roadster” 1,2 million dollara satyldy. Ikinji iň gymmat lot, 1935-nji ýylda nemes ýaryşçysy Rudolf Karaççiolanyň ýörite buýurmasy bilen döredilen “Mersedes-Benz 500 K” boldy. Awtoulag auksionda 4,1 million dollara satyn alyndy. Iň gymmat bijeleriň arasynda 3,3 million dollarlyk 1939-njy ýyldaky "Horch 855 Special Roadster" hem bar. Ýene üç bije 1 million dollarlyk bellige alyndy: olar 1962-nji ýylda öndürilen "Porsche 356 B 1600 'Twin-Grille' Roadster", 1964-nji ýyldaky "Iso Grifo A3/L Spider" prototipi we 1968-nji ýylda öndürilen "Lamborghini Miura P400" awtoulaglarydyr. 2001-nji ýylda Klýaýn ýogalandan soň, mif hasaplanýan ýygyndysy köpçülige mälim boldy. Eksponatlar 50 ýyldan gowrak wagt bäri garažda saklanyp galan seýrek we üýtgeşik modellerdi.