Amerikaly režissýor, “Çokundyran ata” (Крёстный отец) kinotrilogiýasyny goýan Frensis Ford Koppola Amerikan kinematografiýa institutyndan (AFI) hormatly baýragyň eýesi bolar. 50-nji ýubileý gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde Los-Anjelesde geçiriler. AFI Life Achievement Award baýragy Koppolanyň karýera üstünlikleri üçin berler. Baýrak 1973-nji ýylda esaslandyryldy. Režissýorlardan şeýle baýragy Orson Uells, Alfred Hiçkok, Dewid Lin, Stiwen Spilberg, Martin Skorseze, Klint Istwud, Jorj Lukas, Maýk Nikols dagy alypdy. “Frensis Ford Koppola – amerikan kinosynyň taryhynda esas bolan eserleri döreden we häzirki wagtda onuň ussatlygyny hem garaşsyz ruhuny özünde jemleýän kinematografçylaryň neslini ruhlandyran ajaýyp hudožnik” – diýip, AFI-niň Howandarlar geňeşiniň başlygy Ketlin Kennedi metbugat relizinde aýtdy. Koppolanyň täze filmi “Megalopolis” şu ýyl çykdy we tankytçylardan dürli synlary alyp, prokatda şowsuz boldy. Epiki dramanyň sanly premýerasy 12-nji noýabra meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir