Toyota sentýabr aýynda dünýä boýunça önümçiliginiň yzygider sekizilenji aý 826 556 ulaga çenli peselendigini mälim etdi. Bu görkeziji bir ýyl ozalkydan 8 göterim az. IXBT-iň habar bermegine görä, esasy kynçylyklar ABŞ-nyň we Hytaýyň bazarlarynda ýüze çykypdyr. Howpsuzlyk ýassyklary bilen bagly ýüze çykan näsazlyklar sebäpli Grand Highlander we Lexus TX kysymly ulaglaryň önümçiligi wagtlaýyn togtadylandygy üçin ABŞ-nyň önümçiligi 14% pese gaçdy. Hytaýda ýerli elektrik ulaglary bilen plug-gibrid öndürijileriň bäsdeşliginiň ýokarlanmagy netijesinde bu pese gaçyşlyk 19% boldy. Toyota-nyň dünýädäki satuwy sentýabr aýynda 7 göterim peseldi we 853149 ulaga ýetdi. ABŞ-da satuw 20%, Hytaýda 9%, içerki bazarda bolsa 6% kemeldi. Ýylyň başyndan bäri kompaniýa 7,4 million awtoulag satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2% azdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir