Hindistanda iPhone 17-niň adaty görnüşiniň kiçi göwrümli synag önümçiligi başlandy. Bu barada The Information habar berýär. Apple-iň esasy potratçylaryndan biri bolan “Foxconn” Bangalor şäherindäki zawodda smartfony öndürip başlady. Neşiriň habaryna görä, bu seriýadaky beýleki modeller, mysal üçin iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max henizem Hytaýda synag tapgyryndadyr. Geljek ýyl iPhone 17-niň görnüşleriniň hatarynda üýtgeşmeleriň boljakdygy öňe sürülýär: onuň “Plus” modeli aýrylar we ýerine täze görnüş - “iPhone 17 Air” peýda bolar. Bu model standart we Pro görnüşleriniň içinde aralyk orny eýelär. Netijede, bu görnüş orta derejeli smartfon hökmünde orun alar. Analitik Ming-Çi Kuo iPhone 17 Air-iň kompaniýanyň 5G modemini görkezen ilkinji “Apple” enjamlarynyň biri boljakdygyny, beýleki modelleriň bolsa “Qualcomm” modemlerini ulanmagyny dowam etdirjekdigini öňe sürýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir