Xiaomi kompaniýasy Hytaýda täze flagman smartfony bolan Xiaomi 15-i hödürledi. Bu barada Rozetked-e salgylanyp, news.rambler.ru habar berýär. Bu önümde täzeleniş tizligi 120 Hz bolup, ol 1,38 mm galyňlykdaky çarçuwalar we iň ýokary ýagtylygy 3200 nit bolan 6.36 dýuýmlyk AMOLED ekrana eýedir. Xiaomi 15 “Leica” bilen bilelikde işlenip düzülen üç megapikselli, üç kameraly enjam bilen üpjün edildi. Esasy modul ultra giň burçly we 2.6x optiki ýakynlaşdyrma bilen telefon linzasy doldurylýar. Onuň ýüz tarapyndaky (selfi) kamerasynda 32 megapiksel datçigi bar. Xiaomi AISP 2.0-niň emeli aň algoritminiň şekillerini 82% has çalt işleýändigi aýdylýar. Smartfon 12 ýa-da 16 GB RAM hem-de 1 TB-a çenli içerki ýady bilen elýeterlidir. Mundan başga-da, smartfon täze sowadyş ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, ol Xiaomi 15-i iPhone 16 Pro-dan has “sowuk” saklaýar. Onuň batareýasynyň kuwwaty 5400 mAh bolup, simli geçirijide 90 Wt tizlik bilen zarýad alýar, a simsiz geçirijide bolsa 50 Wt tizlikde zarýad alyp bilýär. Onuň suwdan we tozandan goragy IP68 standartyna laýyk gelýär.