Demirgazyk Karolinanyň (ABŞ) Banner Elk şäherinden agaç ussasy Jerri Hiks dükanyň awtoulag duralgasyndan 20 dollarlyk kagyz puly tapdy. Tötänlikde tapan puluna ol dessine lotereýa petegini satyn aldy, bu bolsa oňa uly utuş - 1 million dollar getirdi. Bu wakany CNN gürrüň berdi. "Olarda meniň gözleýän petegim ýok eken, şonuň üçinem şuny satyn alypdym" –diýip, Hiks gürrüň berdi . Birnäçe günden soň Jerri utuşyny haýsy usul bilen aljagyny saýlamak üçin lotereýa merkezine bardy. Oňa iki usul teklip edildi: tölegi 20 ýylyň dowamynda 50 müň dollardan bölüp almak ýa-da 600 müň dollar möçberinde bir gezekde almak. Ol ikinji usuly saýlady. Salgydy hasaplanyp aýrylandan soň, eline 429 007 dollar aldy. Agaç ussasy 56 ýyldan bäri agaç ussasy bolup işleýändigini we indi pensiýa çykmak isleýändigini aýtdy. Pulunyň bir bölegini çagalaryna bermek isleýär. "Ýöne ondan öň göni Golden Corral-a (amerikan restoranlar zynjyry) bararys we ol ýerde bar zatlardan hemmesini iýeris" - diýip, bagty çüwen bu adam degişdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir