30-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Döwlet Baştutany Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy berkitmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, onuň türkmen kärdeşleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen gepleşikleriniň netijeli geçmegini arzuw etdi diýip, TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Syýasy dialog yzygiderli pugtalandyrylýar, işjeň parlamentara hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Köp ýyllardan bäri Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Bilelikdäki hökümetara topar hem netijeli işleri alyp barýar, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň tutuş toplumy boýunça tagallalar utgaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigi tassyklanyldy. Ol ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin gyzyklanmalaryna we döwletara gatnaşyklaryň strategiýasyna gabat gelýär.