“Xiaomi” kompaniýasynyň elektrik giperkary bolan SU7 Ultra Nýurburgringde bellenilen ýörite aralygy (trassadan) 6 minut 46,874 sekuntda geçip, rekord goýdy. Bu prototip “Porsche Taycan Turbo GT” we “Tesla Model S” ýaly awtoulaglardan öňe geçdi. Hatda elektrik awtoulaglaryň arasynda önümçilikde iň oňat rekord eýesi bolan “Rimac Nevera” hem 7 minut 5,3 sekunt wagt bilen öňdeligini saklap bilmedi. Şeýle-de bolsa, bilermeniň belleýşi ýaly, “bu ajaýyp prototip nusgasyny beýleki önümçilik modelleri bilen deňeşdirer ýaly däl”. SU7 Ultra umumy 1548 at güýjüne eýe bolan üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol 1,97 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetmäge ukyplydyr. Xiaominiň habar bermegine görä, bu modeliň bahasynyň arzan bolmagyny üpjün etmek üçin köpçülikleýin çykarylýan önümçilik görnüşiniň güýji, bu görnüşe görä biraz pesräk bolar. “Mersedes-AMG One” häzirki wagtda öndürilen ýol awtoulaglarynyň arasynda rekord eýesi hasaplanýar. Ol bellenilen trassany 6 minut 29 sekuntda geçdi diýip, auto.ru ýazýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir