Ýaponiýanyň iň beýik nokady bolan Fudzi dagyna 130 ýyldan bäri ilkinji gezek oktýabr aýynda gar ýagmady diýip, CNN habar berýär. Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň habaryna görä, ozal gar aýyň başyndan, ýagny 2-nji oktýabrdan başlap, dagyň üstüni örtýärdi. Geçen ýyl ilkinji gar 5-nji oktýabrda ýagdy, ýöne ol çalt erdi. Bu ýylky adatdan daşary yssy güýz we ýokary temperatura Fudzide hatda oktýabr aýynyň ahyryna çenli garyň ýokdugyny aňladýar. Haçanda gar 26-njy oktýabrda wagtyndan giç ýagan mahaly, ol 1955-nji we 2016-njy ýyllardaky öňki rekordlary täzeledi. Ýaponiýada tomus hem adatdan daşary yssy boldy: iýun-awgust aýlaryndaky ortaça temperatura adaty ýagdaýdan 1,76° C yssy boldy. Şeýle-de bolsa, bu tomus diňe Ýaponiýada däl, eýsem bütin dünýäde rekord boýunça iň yssy ýyl bolup biler. Hünärmenler anomaliýany El-Ninýo howa hadysasy we antropogen täsir bilen baglanyşdyrýarlar. Fudzi Ýaponiýada ýurduň mukaddes nyşany hökmünde hormatlanýar. Dagyň daş-töwereginde ybadathanalar we mukaddes ýerler bar. Gadymy döwürlerden bäri Ýaponiýanyň Fudzi dagyna çykmak dini ybadat hasaplanýar. 2013-nji ýylda bu dag ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy derejesine eýe boldy. Ol Ýaponiýanyň iň uly adasynda - Honsýuda ýerleşýär.