Hytaýyň Deep Blue Aerospace kompaniýasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýän kosmos syýahaty üçin ilkinji petekleriň satylandygyny aýtdy diýip, CNN habar berýär. Petegiň bahasy 1 mln ýuan (takmynan, 140 müň dollar) boldy we ähli petekler millionlarça tomaşaçyny özüne çeken onlaýn ýaýlymda derrew satyn alyndy. Kompaniýa alyjylaryň adyny aýan etmeýär. Uçuş 100 – 150 km belentlige galmagy göz öňünde tutýar we ýolagçylar agramsyzlyk şertlerinde 12 minut töweregi wagt sarp edip biler. Ilkinji syýahatçylary ibermezden ozal, kompaniýa 2025-2026-njy ýyllara meýilleşdirilen birnäçe synagy geçirmegi maksat edinýär. Taslama köp gezeklik Nebula-1 raketasynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar, ýöne onuň synaglary heniz tamamlanmady. Geçen aý raketa ýere gonuşda ýarylyp, soňky tapgyrda heläkçiligi başdan geçirdi. Deep Blue Aerospace beýleki hytaý kompaniýalary, şol sanda 2027-nji ýylda syýahatçylyk uçuşlaryny geçirmek meýilnamalary barada habar beren CAS Space bilen işjeň bäsleşýär.