Apple täze sylaglaýyş programmasyny yglan etdi. Kompaniýa Private Cloud Compute (PCC) bulut ulgamynda howply gowşak ýerleri tapana 1 million dollara çenli pul baýragyny teklip edýär. Bu bulut hyzmaty, Apple-iň iPhone we Mac ýaly enjamlarynyň wezipeleri ýerine ýetirmäge güýji ýetmedik ýagdaýynda, çylşyrymly emeli aň hasaplamalaryny amala aşyrmak üçin ulanylýar. Apple Security Bounty başlangyjynyň bir bölegi bolan bu programma kiberhowpsuzlygyň hünärmenlerine wirtual barlag gurşawyna we PCC ulgam koduna girmegi teklip edýär. Bu täzelik has giň köpçülik üçin mümkinçilikleri açýar, ozal PCC-e girmek diňe az sanly hünärmenlere elýeterlidi. Sylagyň möçberi ýüze çykarylan gowşaklygyň görnüşine baglydyr. PCC-iň serwerlerinde zyýan beriji kody ýerine ýetirmek başarnygy üçin 1 million dollar baýrak göz öňünde tutulan. Ulanyjy maglumatlaryna elýeterliligiň kesgitlenmegi üçin 250 müň dollar we aýratyn maglumatlar babatdaky hukuklaryň bozulmagy üçin 150 müň dollar baýrak berilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir